“Türkiýe Gazagýstana Goldaw Bermäge Dowam Eder”

Ministr Çawuşoglý, Türk Döwletleri Guramasýna agza ýurtlarýň daşarý işler ministrleriniň maslahatýna gatnaşdý.

1760760
“Türkiýe Gazagýstana Goldaw Bermäge Dowam Eder”

Daşarý işler ministri Mewlüt Çawuşoglý, Türkiýäniň ähli taraplaýýn Gazagýstana kömek bermäge taýardýgýný aýtdý.

Ministr Çawuşoglý, Gazagýstan gün tertibi bilen onlaýýn ýagdaýda geçirlen Türk Döwletleri Guramasýna agza ýurtlarýň daşarý işler ministrleriniň maslahatýna gatnaşdý.

Maslahatda çýkýş eden Çawuşoglý, Türk Döwletleri Guramasýna agza ýurtlarýň daşarý işler ministrleri derejesinde Gazagýstanda başdan geçirilýän wakalarý ara alýp maslahatlaşmak üçin jemlenşendiklerini, Türk dünýäsiniň güýçli ýurtlarýndan biri bolan Gazagýstanda başdan geçirilýän wakalarýň her bir adama ýaramaz täsirini ýetirendigini aýtdý.

Gazagýstanda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýändiklerini nýgtan Çawuşoglý “Gazagýstandaký wakalara ulý gýnanç bildirdik. Gazagýstanýň Daşarý işler ministri doganým Muhtar Tileuberdä we gazak halkýna duýgudaşlýk bildirýäris. Başdan geçirlen wakalarda ýogalanlara Alladan rehnet dileýäris, ýaralananlara şýpa dileýäris. Türk Döwletleri Guramasý hökmünde gazak doganlarýmýza ähli taraplaýýn goldaw berýäris we goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Wakalarýň gözegçilik astýna alýnmagýndan hoşaldýklarýný nýgtan Çawuşoglý, Gazagýstanda Alihan Smailowýň täze premýer-ministr hökmünde bellenmegine hoşallýk bildirýändiklerini we onuň bilen ýakýndan hýzmatdaşlýk etmäge dowam etekdiklerini aýtdý.

Daşarý işler ministri Çawuşoglý, Gazagýstanýň parahatçýlýgýnýň we asudalýgýnýň sebitde ýerleşýän ýurtlar we gurama üçin, şeýle hem halkara parahatçýlýk üçün diýseň möhümdigine ünsi çekdi.

Mewlüt Çawuşoglý, “ Gazagýstan, bu krizisiň hötdesinden geljek tejribä we döwlet däbine eýe. Ýurduň ilkinji Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň we häzirki Prezidenti Kasým Jomart Tokaýewiň alýp baran sýýasatlarý netijesinde güýçli döwletleriň hatarýnda ýer alýar. Gazak halkýnýň parasatlýlýk bilen başdan geçirilýän kýnçýlýklarýň hötdesinden geljekdigine ýnanýarýs” diýdi.

Çawuşoglý, güýçli Türk dünýäsi hökmünde ýurtdaký durnuklýlýgýň ýaňadandan üpjün edilmegi üçin Gazagýstana dolý goldaw berýändiklerini ýatlatdý.



Degişli Habarlar