Prezident Erdogan: "Halkara Hünär we Tehniki Anadoly liseýlerini açarys" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, açmagy meýilleşdirýän Halkara Hünär we Tehniki Anadoly liseýleri bilen hem ýurdyň nesillerine hem-de köňül geografiýasyndaky ýaşlara bilim almak mümkinçiliklerini hödürlejekdiklerini habar berdi

1760245
Prezident Erdogan: "Halkara Hünär we Tehniki Anadoly liseýlerini açarys" diýdi

Prezident Erdogan Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde geçirilen "Gurmaçylykly senagat zolaklarynyň Hünär bilim merkezleriniň açylyş programmasynda" söz sözledi. 

Iş orunlarynyň artdyrylmagy üçin bilime aýratyn ähmiýet berýändiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Açmagy meýilleşdirýän Halkara Hünär we Tehniki Anadoly liseýleri bilen hem ýurdyň nesillerine hem-de köňül geografiýasyndaky ýaşlara bilim almak mümkinçiliklerini hödürläris" diýip mälim etdi. 

Ýylyň ahyryna çenli 1 million ýaş oglan-gyzyň bilim merkezlerine kabul edip, iş orunlaryny üpjün etmegi maksat edinýändiklerini aýdan Erdogan: "Geçen ýyl maksat edinilen 1 milliard liralyk önümçilik göwrüminden geçip, hünär liseýleri taýdan taryhy rekord goýdyk" diýip aýan etdi. 

Erdogan hünär bilimini alýan ähli okuwçylaryň okaýan mahallary azyndan iň pes aýlyk almaklaryny üpjün etmegi maksat edinýändiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar