Milli Goranmak Ministri Akar, Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Hasanow, Akçakale gümrük geçelgesiniň golaýynda partlaýjy maddasynyň ýarylmagy sebäpli 3 esgeriň şehit bolandygy üçin Akara gynanç bildirdi

1760136
Milli Goranmak Ministri Akar, Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Twitterden berlen habarnamada, telefon söhbetdeşliginde Hasanowyň öňňin ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza terrorçylar tarapyndan Akçakale gümrük geçelgesiniň golaýyna goýlan partlaýjy maddasynyň ýarylmagy sebäpli 3 esgeriň şehit bolandygy üçin Akara gynanç bildirendigi nygtaldy.

Iki kärdeşiň telefon söhbetdeşliginde şeýle hem özara harby hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşandygy ýatladyldy.



Degişli Habarlar