Akçakale serhet zolagynda 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Milli Goranmak ministrligi beýanat berdi

1759440
Akçakale serhet zolagynda 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Şanlyurfa welaýatynyň Akçakale etrabynyň serhet zolagynda 3 esgeriň şehit bolmagy bilen netijelenen elde ýasalan partlaýjy madda bilen guralan hüjümden soň, geçirilen operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e degişli ýerleriň nyşana alynmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Akçakale serhet zolagynda 3 esgeriň şehit bolmagy bilen netijelenen elde ýasalan partlaýjy bilen guralan hüjümden soň, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG degişli ýerleriň nyşana alynandygy habar berildi. 

Ilkinji kesgitlemelere görä 12 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berilen beýanatda: "Terrorçylara garşy sebitdäki operasiýalarymyz dowam edýär. Şehitlerimiziň ganyny hiç wagt ýerde goýmadyk, mundan soň hem goýmarys. Gahryman ýaragly egindeşlerimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna gynaç we sabyr dileýäris" diýip mälim edildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, ozal beren beýanatynda, Akçakale etrabynyň serhet zolagynda terrorçylar tarapyndan goýulan elde ýasalan partlaýjy maddanyň partlamagy netijesinde 3 esgeriň şehit bolandygyny beýan edipdi. 



Degişli Habarlar