“Türkiýäniň Demirýol Gatnawynda Merkezi Ýurt Ýagdaýyna Gelmegini Maksat Edinýäris”

Prezident Erdogan, Karaman-Konýa tizligi ýokarlandyrlan otly liniýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

1759347
“Türkiýäniň Demirýol Gatnawynda Merkezi Ýurt Ýagdaýyna Gelmegini Maksat Edinýäris”

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň demirýol gatnawynda merkezi ýurt ýagdaýyna gelmegini maksat edinýändiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan, Karaman-Konýa tizligi ýokarlandyrlan otly liniýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Konýa gitdi.

Prezident Erdogan Konýada halka ýüzlenip eden çykyşynda, tizligi ýokarlandyrlan otly liniýasynyň açylmagy bilen täze döwriň başlandygyny nygtady.

Erdogan, Türkiýäniň 10 müň 959 kilometr uzynlygyndaky demirýol liniýasynyň uzynlygyny 13 müň 222 kilometre ýetirendiklerini, tizligi ýokarlandyrlan otly liniýasynyň uzynlygyny hem 1213 kilometre ýetendigini belledi.

Prezident Erdogan, Britaniýanyň paýtagty Londondan ýola çykan otlygynyň Ýewropany we Balkanlary geçip, Edirneden Türkiýä gelýändigini we Marmaraýdan geçip Anadoly tarap gidýändigini belledi.

Erdogan “Anadolydan geçýän otly Kars-Tiblisi-Baku demirýol liniýasyndan geçip Pekine çenli gidýär. Türkiýäniň demirýol gatnawy taýdan merkez ýurt ýagdaýyna gelmegini maksat edinýäris” diýdi.



Degişli Habarlar