Erdogan "Milli tehnologiýalar we täze maýa goýumlar" atly köpçülikleýin açylyş dabara gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň ýaragly, ýaragsyz, hüjüm ediji uçarmansyz howa ulaglarynyň önümçiliginde indi dünýäniň ilkinji 3 ýurdunyň biridigini habar berdi

1758602
Erdogan "Milli tehnologiýalar we täze maýa goýumlar" atly köpçülikleýin açylyş dabara gatnaşdy

Prezident Erdogan ýurdyň paýtagty Ankara şäheriniň Kahramankazan etrabynda Türk awiasia we kosmos senagaty A.Ş-yň (TUSAŞ) desgasynda geçirilen  "Milli tehnologiýalar we täze maýa goýumlar" atly köpçülikleýin açylyş dabara gatnaşdy.

Erdogan üstünde işlenýän ýerli howa goranyş ulgamlary bilen baglanşykly: "Häzirlikçe HISAR-lary ýasadyk, ýakyn wagtda bolsa SIPER-i we ondan soňkylary hem dolulygyna tamamlarys" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň goranyş senagaty taslamalarynyň býujetiniň 5,5 milliard dollardan 75 milliard dollara, pudagyň ýyllyk pul dolanşygynyň bolsa 1 milliard dollardan 10 milliard dollara ýetendigini aýdan Erdogan: "Türkiýe ýaragly, ýaragsyz, hüjüm ediji uçarmansyz howa ulaglarynyň önümçiliginde indi dünýäniň ilkinji 3 ýurdunyň biridir" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan: "Milli söweşjeň uçarymyzy nesip bolsa 2023-nji ýylda angardan çykaryp bütin dünýä görkezeris" diýip aýan etdi. 

"2025-nji ýylda ilkinji uçuşyny amala aşyrjak Milli söweşjeň uçarymyz Harby-howa güýçlerimiziň esasy kuwwady hökmünde 2029-njy ýylda asmana galar" diýip aýdan Erdogan: "Goranyş senagatynda indi has hem meýilnamaly we orta-uzak möhletleýin hereket etjek bir döwüre gadam basýarys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar