Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Efiopiýanyň Daşary işler ministri Demeke Mekonnen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1758845
Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden alynan maglumata görä, telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitdäki hadysalar ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Efiopiýada gozgalaňçy Tigraý halk azatlyk frontynyň (TPLF) 2020-nji ýylyň ahyrynda merkezi hökümede garşy hüjüme geçmegi bilen ýurtda içerki söweş başlady. 

Ýurdyň goşuny bilen gozgalaňçylaryň arasyndaky çaknyşyklar sebäpli ýüz müňlerçe adam öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur galdy, müňlerçe adam ýogaldy. 

Gozgalaňçylar ýurdyň paýtagty Addis-Abeba şäherine golaýlaşan mahaly Efiopiýanyň goşunynyň 2021-nji ýylyň dekabr aýynda başladan howa operasiýalarynyň netijesinde TPLF yza çekilmäge mejbur galdy. 

Beýleki tarapdan bolsa Mewlüt Çawuşogly Kataryň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Şeýh Muhammed bin Abdurrahman Al Sani we Angolanyň Daşary işler ministri Tete Antonio bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Geçirilen telefon söhbetdeşlikleriniň mazmunlary barada bolsa maglumat berilmedi. 



Degişli Habarlar