Türkiýe ABŞ-na gynanç bildirdi

Türkiýe ABŞ-na Filadelfiýa şäherinde bolan ýangyn sebäpli gynanç bildirdi

1757873
Türkiýe ABŞ-na gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "ABŞ-nyň Filadelfiýa şäherinde binalaryň birinde ýangynyň ýüze çykmagy sebäpli köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habar uly gynanç bilen alyndy. ABŞ-nyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 

Şäherdäki 3 gatly binada düýn bolan ýangynda 13 adam ýogaldy, 2 adam bolsa ýaralandy.


Etiketkalar: #gynanç , #ABŞ , #ýangyn , #Türkiýe

Degişli Habarlar