Tunjeli welaýatynda Eren Gyş-6 operasiýasy dowam edýär

Tunjeli welaýatynda Eren-Gyş-6 Merjan daglary Şehit žandarma seržant Burak Tortumlu atly operasiýanyň başlyngyjyndan bäri 1-i diri ýagdaýda jemi 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 143 gaçybatalga bilen 21 gowak ýok edildi

1755179
Tunjeli welaýatynda Eren Gyş-6 operasiýasy dowam edýär

Tunjeliniň welaýat häkimliginden berilen beýanatda, Welaýat Žandarma serkerdeligine degişli harby toparlar tarapyndan şäheriň obalyk ýerlerindäki terrorçylary tussag etmek, bar bolan gaçybatalgalary we gowaklary anyklamak we olary ýok etmek maksady bilen 19-njy noýabrda 74 operatiw toparyň we 1 müň 62 harby gullukçynyň gatnaşmagynda Eren Gyş-6 operasiýasynyň başladylandygy habar berildi. 

Howpsuzlyk güýçleri tarapyndan terror guramalaryna garşy 23 aýry operasiýanyň guralandygy bellenen beýanatda: "Amala aşyrylan operasiýalaryň netijesinde 1 ekstremist terror guramasynyň agzasy diri ýagdaýda saklandy, dowam edýän operasiýada 8 terrorçy öli ýagdaýda ele salyndy. Operasiýada 2-i narynç we 3-i çal kategoriýada bolmak bilen jemi 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim edildi. 

Beýanatda terrorçylar tarapyndan ulanylan 143 gaçybatalga bilen 21 gowagyň ýok edilendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar