Turkowak sanjymy ulanylmaga başlandy

Gyssagly ýagdaýda ulanylmagy barada rugsatnama berilen koronawirus sanjymy Turkowak sanjymy ýurdyň ähli ýerindäki şäher hassahanalarynda edilmäge başlandy

1754661
Turkowak sanjymy ulanylmaga başlandy

Giňişleýin häsýetde ulanylmaga başlanan Turkowak sanjymy, Ankara şäheriniň Şäher hassahanasynyň Umumy hassahana bölüminde edilmäge başlandy. 

Şu gün irden köp sanda raýatyň sanjymy etdirmek üçin nobata duran hassahananyň 10 sanjym otagynda Turkowak sanjymy edilýär. Sanjym etdirmäge gelýän raýatlaryň köplügi sebäpli sanjym otaglarynyň sanynyň artdyrylyp bilinjekdigi habar berildi. 

Turkowak sanjymyny etdiren Gazi Koç, 2 doza BioNTek sanjymyny etdirendigini, ýatlatma dozasy üçin bolsa Turkowak sanjymyny saýlandygyny mälim etdi. 

Gazi Koç: "Düýn Saglygy goraýyş ministrimiz Fahrettin Koja Turkowak sanjymyny etdirdi. Men hem türk lukmanlaryna ynam bildirip ýerli sanjymy saýladym" diýip habar berdi. 

Ozal 3 doza Sinowak sanjymyny etdirendigini aýdan Fatih Topalogly bolsa: "Ýatlatma dozasy hökmünde ýerli sanjymymyz Turkowak-a garaşdym we sanjymymy etdirdim. Herkime sanjym etdirmegini maslahat berýärin" diýip beýan etdi. 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja düýn beren beýanatynda, Turkowak-yň şu günden başlap Şäher hassahanalarynda edilmäge başlanjakdygyny habar beripdi. 


Etiketkalar: #raýat , #Ankara , #sanjym , #Turkowak

Degişli Habarlar