Hulusi Akar Kosowa guran saparyny dowam etdirýär

Hulusi Akar, alynyp barylýan işler barada maglumat aldy, käbir görkezmeler berdi

1754535
Hulusi Akar Kosowa guran saparyny dowam etdirýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar: "Balkan sebitindäki esasan hem dostlukly we doganlyk Bosniýa-Gersegowinadaky ýagdaýlara ýakyndan gözegçilik edýäris. Bu ýerdäki doganlarymyzyň, dostlarymyzyň asudalygy, durnuklylygy we howpsuzlygy bizi bagtyýar edýär, tersine bolan halatynda bolsa gynanýarys" diýip nygtady. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, resmi saparynyň çäginde Kosowanyň paýtagty Priştina şäherindäki saparyndan soň Prizrene geçip, ol ýerde Kosowanyň Türkiýäniň wekiliçilikli wekilhanasynda gözegçilik işlerini geçirdi. 

Soltan Myrat kazarmasyna baranyndan soň dabaraly topara salam beren Hulusi Akar, alynyp barylýan işler barada maglumat aldy, käbir görkezmeler berdi. 

Ondan soň kazarmadaky esgerler bilen duşuşyk geçiren Hulusi Akar, alyp barýan üstünlikleri işleri sebäpli olary gutlady.

Hulusi Akar: "Balkan sebitindäki esasan hem dostlukly we doganlyk Bosniýa-Gersegowinadaky ýagdaýlara ýakyndan gözegçilik edýäris. Bu ýerdäki doganlarymyzyň, dostlarymyzyň asudalygy, durnuklylygy we howpsuzlygy bizi bagtyýar edýär, tersine bolan halatynda bolsa gynanýarys. Şol gyzyklanmamyzy dowam etdirmek bilen birlikde, beýleki tarapdan bolsa käbir goşantlary goşmak ýagdaýyndadyrys. Kosowaly doganlarymyzyň NATO, Ýewropa, Atlantik guramalary bilen integrasiýasy babatynda elimizden gelenini şu günki güne çenli etdik, mundan soň hem etmäge dowam ederis" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #esger , #sapar , #Kosowa , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar