“Ermenistan Basyp Alyjy Syýasatyndan Ýüz Öwüren Halatynda Gatnaşyklar Kadalaşar”

"Ermenistanyň Azerbaýjana garşy alyp barýan basyp alyjy syýasatyndan ýüz öwürmegi şerti bilen gatnaşyklar kadalaşar”

1754487
“Ermenistan Basyp Alyjy Syýasatyndan Ýüz Öwüren Halatynda Gatnaşyklar Kadalaşar”

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, Ermenistanyň Azerbaýjana garşy alyp barýan basyp alyjy syýasatyndan ýüz öwüren halatynda Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşyp biljekdigini aýtdy.

Ömer Çelik, Adalat we ösüş partiýasynyň Dolanşyk geňeşiniň maslahaty dowam edýärkä beren beýannamasynda, Türkiýe bilen Ermenistanyň birnäçe ýyl mundan ozal özara gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin teswirnama baglaşandygyny emma Ermenistanyň Ýokary kazyýetiniň, teswirnamanyň konstitutsiýa bap gelmeýändini öňe sürendigi sebäpli gatnaşyklaryň kadalaşmandygyny belledi.

Ömer Çelik “Geçen ýyl ikinji Garabag urşy bilen basyp alyşlygyň ortadan aýrylmagyndan soň Jenap Prezidentimiz R. T. Erdogan we Azerbaýjanyň Prezidenti Jenap Ilham Aliýew Günorta Kawkazda parahatçylygyň üpjün edilmegi we dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin ýörite mehanizmiň döredilmegini teklip etdi. Bu mehanizmde Russiýa, Gruziýa, Eýran, Azerbaýjan we Türkiýe bilen birlikde basyp alyjy syýasatyndan ýüz öwürmek şerti bilen Ermenistanyň hem ýer alyp biljekdigini nygtadylar. Prezidentimiz, Azerbaýjanly doganlarymyzyň Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklarynyň kadalaşmagyna etaby hakyndaky garaýyşlaryna uly ähmiýet berýär. Azerbaýjanly doganlarymyzyň we Jenap Aliýewiň bu etapa oňyn garaýandygy üçin Türkiýe sebitiň parahatçylygyna goşant goşmak we dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin başlangyç etdi” diýdi.

Ömer Çelik “Ýokarda hem nygtalşy ýaly Ermenistanyň Azerbaýjana garşy alyp barýan basyp alyjy syýasatyndan ýüz öwürmegi şerti bilen gatnaşyklar kadalaşar”diýip belledi.

 



Degişli Habarlar