Türkiýe Sudana Gynanç Bildirdi

“Heläkçilikde ýogalanlara Alladan rehnet, hossarlaryna sabyr dileýäris, dost we doganlyk ýurt sudanyň halkyna duýgudaşlyk bildirýäris”

1754168
Türkiýe Sudana Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Sudanda altyn käninde bolan heläkçilikde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Sudanyň Günbatar Kurdufan welaýatynda magdan käninde bolan heläkçilikde 38 adamyň ýogalmagyna uly gynanç bildirildi.

Beýannamadai “Heläkçilikde ýogalanlara Alladan rehnet, hossarlaryna sabyr dileýäris, dost we doganlyk ýurt sudanyň halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýildi.

Sudanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinin berýän habaryna görä, welaýatyň demirgazygynda Foja etrapçasynda altyn käniniň çökmegi sebäpli 38 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar