Türkiýäniň Goranmak ministri Kosowa saparyny dowam etdirýär

Hulusi Akar ozal bolsa Kosowanyň Prezidenti Wosa Osmani we Premýer ministri Albin Kurti bilen aýry-aýry duşuşyklar geçiripdi

1754416
Türkiýäniň Goranmak ministri Kosowa saparyny dowam etdirýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Kosowada Osmanly Patyşasy Soltan I Myrat Hüdawendigaryň gubury bilen Kosowanyň halk gahrymany Adem Ýaşariniň guburlaryna zyýarat etdi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Kosowadaky resmi saparyny dowam etdirýär. 

Ýurdyň paýtagty Priştina şäheriniň golaýyndaky Osmanly Patyşasy Soltan I Myrat Hüdawendigaryň guburyna zyýarat eden ministr Hulusi Akar, ondan soň bolsa Prekaz obasyna geçdi. 

Ol ýerde Kosowanyň Azatlyk goşunynyň esaslandyryjysy we serkerdeleriniň biri bolan, Kosowanyň halk gahrymany Adem Ýaşariniň we maşgalasynyň guburyny zyýarat edip, gül desselerini goýan ministr Hulusi Akara, Kosowanyň Goranmak ministri Armend Mehaj ýoldaşlyk etdi. 

Hulusi Akar ozal bolsa Kosowanyň Prezidenti Wosa Osmani we Premýer ministri Albin Kurti bilen aýry-aýry duşuşyklar geçiripdi. 


Etiketkalar: #sapar , #Kosowa , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar