Erdogan Pirinkaýalar tunneliniň açylyşynda çykyş etdi

Erdogan Türkiýäni Kawkazlar bilen birleşdirjek Erzurum welaýatyndaky Pirinkaýalar tunneliniň açylyş dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy

1754325
Erdogan Pirinkaýalar tunneliniň açylyşynda çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň ösen we ösüp barýan ýurtlaryň arasynda hem giňişleýin hem täze hem-de iň döwrebap galkynyş infrastrukturasyna eýe bolan döwlet hökmünde öňe hatara çykýandygyny habar berdi. 

Prezident Erdogan Türkiýäni Kawkazlar bilen birleşdirjek Erzurum welaýatyndaky Pirinkaýalar tunneliniň açylyş dabarasyna Prezidentiň kompleksinden göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

"Pirinkaýalar tunneliniň sebitimize düşümli bolmagyny dileýärin" diýip aýdan Erdogan: "Goşmaça ýollar bilen birlikde jemi uzynlygy 3,4 kilometre ýeten bu taslama Erzurum-Artwin arasyndaky arabaglanşygy tiz, howpsyz, arakesmesiz ýagdaýda bolmagyny üpjün eder. Ýurdumyza 18 million lira ýakyn tygşytlylyk getirmek bilen birlikde, uglerod zyňyndylaryny azaldyp, daşky gurşawyň goralmagyna goşant goşar. Ikisi hem ýokary Syýahatçylyk mümkinçiligine eýe bolan Erzurum we Artwin welaýatlarynyň arasyndaky ýol bilen birlikde täze mümkinçilikleri orta çykarar. Şäherleriň ikisiniň üsti bilen Kawkazlara tarap üstaşyr gatnawlary ýeňilleşdirer" diýip mälim etdi. 

Maksatlarynyň Türkiýäni dünýäniň iň ösen 10 ykdysadyýetiniň birine öwürip, global dolanşyk ulgamynda has täsirli ýagdaýda söz eýesi bolmakdygyny aýdan Erdogan: "Türkiýe ösen we ösüp barýan ýurtlaryň arasynda hem giňişleýin hem täze hem-de iň döwrebap galkynyş infrastrukturasyna eýe bolan döwlet hökmünde öňe hatara çykýandyr" diýip habar berdi.  



Degişli Habarlar