“Ylym, Türkiýäniň Syýasy Garaşsyzlygynyň Kepilnamasydyr”

Prezident Erdogan, TÜBİTAK-yň we TÜBA-nyň Ylmy baýraklarynyň eýelerine gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy.

1753753
“Ylym, Türkiýäniň Syýasy Garaşsyzlygynyň Kepilnamasydyr”

Prezident R. T.Erdogan, “Innowasiýanyň we tehnalogiýanyň özenini emele getirýän ylym, Türkiýäniň syýasy garaşsyzlygynyň hem kepilnamasydyr” diýdi.

Prezident Erdogan, TÜBİTAK-yň we TÜBA-nyň Ylmy baýraklarynyň eýelerine gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda “Senagat taýdan ösen we görelde alarlyk ýurtdan biri bolmak üçin uly tagalla edýäris. Tehnalogiýa taýdan garaşsyz bolmagyň, syýasy garaşsyzlygyň kepilnamasydyny bilýäris we bu ugurda maksadymyza ýetmek üçin aýgytly ädimler bilen ýöreýäris” diýdi.

Erdogan, Türkiýäniň soňky döwürde ylyma, ylmy işgärlere we tehnalogiýa pudagyna uly maýa goýandygyny nygtan “Ýurdumyz tehnalogiýa taýdan gazanýan üstünliklerini dowam etdirýär” diýdi.

Prezident Erdogan “Türkiýe, halkara innowasiýa indeksinde şu ýyl 10 basgançak birden ýokarlap 41-nji orny eýeledi we bu ugurda uly ösüş eden ilkinji 50 ýurduň hataryna goşuldy” diýip belledi.

Eksportyň geçen aý ýyllyk 221 milliard dollara barabar bolandygyny aýdan Erdogan “Maýa goýum, iş üpjünçiligi, önümçilik we eksport taýdan uly ösüş etmegi maksat edinýäris” diýdi.



Degişli Habarlar