"Musulmanlaryň galkynmagy, diňe öz aralarynda jebis we agzybir bolmaklary bilen mümkindir"

Erdogan şu ýyl 20-nji gezek geçirilýän "MAS-ICNA" atly kongrese wideo ýüzlenme ugratdy

1753449
"Musulmanlaryň galkynmagy, diňe öz aralarynda jebis we agzybir bolmaklary bilen mümkindir"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, barha artan Yslam duşmançylygy, daşary ýurt garşydaşlygy, medeni rasizm ýaly akymlara garşy raýdaşlygyň has hem güýçlendirilmeginiň gerekdigini belläp: "Musulmanlaryň galkynmagy, diňe öz aralarynda jebis we agzybir bolmaklary bilen mümkindir" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan, her ýyl dünýäniň çar tarapyndan on müňlerçe musulmany bir ýere jemleýän we şu ýyl 20-nji gezek geçirilýän "MAS-ICNA" atly kongrese wideo ýüzlenme ugratdy. 

Prezident Erdogan: "Rebbimiz Gurhanda bize her kynçylyk bilen birlikde hökmany ýagdaýda bir ýeňilligiň boljakdygyny buşlady. Ruhy ýolbaşçylarymyzdan biri bolan Hezreti Möwlana hem, Umytsyzlygyň yz ýanynda ençeme umyt bar. Garaňkynyň yz ýanynda ençeme güneş bar diýip Rebbimiziň şol buşlugyny teswirläpdir. Biz hem syýasy hem gündelik durmuşymyzda, hem ýurdumyz, milletimiz we ymmat üçin alyp barýan göreşimizde şol ruhy buşluga şaýatlyk etdik. Kynçylyklara, muşakgatlara sezewar galsak hem her gezeginde kynçylygyň yz ýanyndan gelen arkaýynlyga gowuşdyk" diýip beýan etdi. 

Kowid-19 epidemiýasyndan soň ýeňilligiň we arkaýynlygyň boljakdygyny aýdan Erdogan: "Şonuň üçin umytsyzlyga düşmän, seresaplylyga ýapyşyp, takdyra rugsat berip göreşimizi tutanýerlilik bilen dowam etdirmegimiz gerek" diýip habar berdi. 

Epidemiýa sebäpli işlerinden mahrum bolan adamlara kömek berilmekleri barada maslahat beren Prezident Erdogan, jemgyýetiň abadançylygy üçin hem edilýän tagallalaryň artdyrylmagyň gerekdigine ünsleri çekdi. 

Erdogan: "Epidemiýa bilen birlikde barha artan Yslam duşmançylygy, daşary ýurt garşydaşlygy, medeni rasizm ýaly akymlara garşy raýdaşlygymyzy has hem güýçlendirmegimiz gerek. Musulmanlaryň galkynmagy, diňe öz aralarynda jebis we agzybir bolmaklary bilen mümkindir. Dünýä derejesindäki doganlygymyzyň etniki we medeni tapawutlylyklarymyz sebäpli zeper ýetirilmegine rugsat bermeli däldiris. Haýsy köke, bedeniň reňkine, kowuma, medeniýete, messebe, ýaradylyşa eýe bolsa bolsun, ähli musulmanlar dogandyr" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar