Hulusi Akar Saraýewoda talyplar bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Bosniýa-Gersegowinadaky jebisligiň we agzybirligiň diňe sebit üçin däl, eýsem bütin dünýä üçin möhümdigini beýan etdi

1753597
Hulusi Akar Saraýewoda talyplar bilen duşuşyk geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Halkara Saraýewo uniwersitedine baryp, ol ýerde talyplar bilen duşuşyk geçirdi. 

Türkiýäniň we Bosniýa-Gersegowinanyň dostlugyň we doganlygyň üstüne gurulan gatnaşyklarynyň bardygyny aýdan Hulusi Akar: "Umumy taryhy we medeni gatnaşyklarymyz bilim, saglygy goraýyş, goranmak we söwda ugurlarynda has berk gatnaşyklary ýola goýmagymyzda täsirli bolýar" diýip habar berdi.  

Türkiýäniň Balkanlardaky asudalygyň we parahatçylygyň goralmagy üçin ähli ugurlar boýunça iş alyp barýandygyny aýdan Hulusi Akar: "Esasan hem Bosniýa-Gersegowinadaky jebislik we agzybirlik diňe sebit üçin däl, eýsem bütin dünýä üçin möhümdir" diýip mälim etdi. 

Akar Bosniýa-Gersegowinadaky durnuklylygyň, syýasy jebisligiň we territorial bütewiligiň Türkiýe üçin hem möhümdigini belläp: "Daýton Parahatçylyk ylalaşygy ähli maddalary bilen dowam edýär, şol sebäpli Bosniýa-Gersegowinada bar bolan syýasy krizis iň gysga wagtda bes edilmelidir" diýip aýan etdi. 

Ministr Akar taraplaryň talap bildiren halatynda Türkiýäniň Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan hem bellenilşi ýaly, hemişe araçylyk etmäge taýardygyny beýan etdi. 

Balkanlaryň we Bosniýa-Gersegowinanyň ähmiýetiniň üstünde durup geçen Akar, Türkiýäniň Bosniýa-Gersegowinadaky ýaly dostlukly ýurtlaryň asudalygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üçin elinden gelenini edýändigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar