Türkiýe Burkina-Faso döwletinde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Burkina-Fasoda ýurdyň goşunyna degişli 41 meýletin bilen asuda ilatyň ýogalmagy bilen netijelenen terrorçylykly hüjümi ýazgardy

1752914
Türkiýe Burkina-Faso döwletinde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Burkina-Fasonyň Loroum welaýatynyň Ýou sebitinde guralan terrorçylykly hüjüm zerarly gynanç beýanatyny çap etdi. 

Hüjüm sebäpli Burkina-Fasonyň goşunyndan 41 meýletin bilen asuda ilatyň ýogalandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy bellenen beýanatda: "Bu elhenç terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys. Hüjümde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we dostlukly we doganlyk Burkina-Fasonyň halkyna we hökümetine tüýs ýüregimizden gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar