Ibrahim Kalyn Garabag bilen bagly beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, Garabagyň azat bolmagy bilen taryhda täze bir sahypanyň açylandygyny beýan etdi

1752951
Ibrahim Kalyn Garabag bilen bagly beýanat berdi

Amerikan musulman jemgyýetleri tarapyndan her ýyl geçirilýän "MAS-ICNA" kongresine gatnaşmak maksady bilen ABŞ-na giden Ibrahim Kalyn, Türkiýäniň Çikago şäherindäki Baş konsullugynda ABŞ-da ýaşaýan türk raýatlar bilen duşuşyk geçirdi. 

Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň, strategik hyzmatdaşlyk perspektiwasyny ösdürjek derejesinde tankydydygyny aýdan Kalyn, jedelleşikli meseleler bilen birlikde Türkiýe bilen ABŞ-nyň üstünde işlemegä dowam edýän we ylalaşyga gelen ençeme ugryň hem bardygyna ünsleri çekdi. 

Berilen soraglaryň birine jogap beren Ibrahim Kalyn, ABŞ-daky ermeni lobisiniň Türkiýä bolan garşydaşlygyny şahsyýetleriniň bir bölegi ýagdaýyna öwürendiklerini belläp: "Kawkazlarda örän tapawutly bir tapgyr başdan geçirilýär, indi bolsa şol diasporanyň ähli energiýasyny, argumentini üstüne bina eden gurluş çöküp barýar. Ýagny Türkiýe-Ermenistan ýa-da Türk-Ermeni çaknyşygy, Kawkazlarda indi tamamlanyp barýar. Garabagyň azat bolmagy bilen birlikde, Garaşsyzlygyna eýe bolup, Azerbaýjanyň topraklaryna birikdirilmegi bilen birlikde taryhda täze bir sahypa açyldy" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar