Ýene-de 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrora we terrorçyllara asla ýol berilmez

1752763
Ýene-de 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Siriýada “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, terrora we terrorçyllara asla ýol berilmejekdigi nygtalyp, “Gahryman esgerlerimiz “”Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy zolagynda hüjüm guramak üçin taýarlyk gören PKK/ÝPG-li 3 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi” diýildi.

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan 2019-njy ýylda guralan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen Siriýanyň demirgazygy terrordan saplanypdy.



Degişli Habarlar