TBMM-niň başlygy Mustafa Şentopyň Çernogoriýa sapary dowam edýär

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Çernogoriýa guran saparynyň çäginde Tuzi şäherinde Mehmet Fatih medresesine baryp gördi

1751986
TBMM-niň başlygy Mustafa Şentopyň Çernogoriýa sapary dowam edýär

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentopa Çernogoriýanyň Yslam birliginiň başlygy Rifat Feýziç, Türkiýäniň Podgorisa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Songül Ozan we beýleki resmiler ýoldaşlyk etdiler. 

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop şol çäkde Mehmet Fatih medresesinde okaýan okwuçylar bilen söhbetdeşlik geçirdi. 

Çernogoriýanyň köp medeniýetli we köp etnikli ýurtdugyny aýdan Mustafa Şentop, Türkiýede bosniýaly we alban ýaly tapawutly etnik gelip çykyşa eýe raýatlaryň ýaşaýandygyny we olaryň Türkiýede kowumdaşdygyny beýan etdi. 

Şentop: "Biziň ýeke-täk ýüzlenmämiz bar. Bütin dünýäde adamlaryň parahatçylyk içinde, öz ynançlaryna görä ýaşap biljek bir gurşawyň ýola goýulmagydyr" diýip habar berdi. 

Osmanly Döwletiniň ençeme asyrlap Balkan geografiýasynda höküm sürüp bu ýerleri dolandyrandygyny aýdan Şentop: "Bu ýerlerde ýaşaýan etnik kökli adamlaryň ählisi öz etnik gelip çykyşlaryny, jemgyýetlerini gorap saklapdyrlar, dillerini gorap saklapdyrlar, dinlerini gorap saklapdyrlar, ybadathanalary ençeme asyrlap goralyp saklanyp galypdyr. Osmanly Döwleti şol wagtlar dünýäniň iň uly güýji we guramalary örän gowy işlän, häzirki wagtda hem dünýäniň nusga almaga çalyşýan gowy guramalary, esasan hem bilim ojaklary bolan bir döwletdi" diýip beýan etdi. 

Mustafa Şentop Tuzi şäherinde TIKA tarapyndan abatlanan Tuzi Nizam metjidine zyýarat edip, metjit barada Rifat Feýziçden maglumat aldy. 

Beýleki tarapdan Şentop resmi saparda bolýan Çernogoriýanyň paýtagty Podgorisa şäherinde Gorisy partizany heýkeline II Jahan urşunda wepat bolan adamlaryň ýadygärligine bagyşlap gül desselerini goýdy. 



Degişli Habarlar