Erdogan: "Şäherlerimizi örän uly maýa goýumlar bilen özgertdik, goldadyk, güýçlendirdik" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Şäherlerimizi örän uly maýa goýumlar bilen özgertdik, goldadyk, güýçlendirdik" diýip belledi

1751882
Erdogan: "Şäherlerimizi örän uly maýa goýumlar bilen özgertdik, goldadyk, güýçlendirdik" diýdi

Prezident Erdogan Ankara welaýatynyň Kyzyljahamam etrabynda "Häkimleriň geňeşmeleri we netijelendirme" maslahatynda söz sözledi. 

"Dowamly şäherçilik we klimat syýasatlary babatynda, soňky 19 ýylda şäherlerimizi örän uly maýa goýumlar bilen özgertdik, goldadyk, güýçlendirdik" diýip habar berdi. 

"Täze dolanşyk ulgamyna geçen ýylymyz bolan 2018-nji ýyldan bäri diňe daşky gurşaw we şäherçilik ugurlarynda jemi gymmady 300 milliard lira ýeten 12 müň 700 taslamany durmuşa geçirdik. Welaýatlarymyzyň we etraplarymyzyň ählisini gurşap alýan bu maýa goýumlar gelejegimize has ynamly garamagymyzy üpjün edýär" diýip mälim etdi. 

Birnäçe wagt ozal global klimat çalşygynyň, adamzada barha has köp howp abandyrýandygy baradaky hakykaty göz öňünde tutup, 2053-nji ýyl maksatanmasynyň çäginde Ýaşyl galkynyş ynkylabyny yglan edendiklerini ýatladan Erdogan: "Ýaşyl galkynyş ynkylabynyň çäginde öňe çykýan arassa energiýadan zyňyndy dolanşygyna, ýaşyl zolaklaryň mukdarynyň artdyrylmagyna çenli ençeme ugur häkimliklerimizi gyzyklandyrýar. Sizi Ýaşyl galkynyş ynkylabyny goldamaga çagyrýaryn" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar