Erdogan Maksatlarynyň Türkiýäni Dünýäniň Ösen 10 Ykdysadyýetiniň Hataryna Goşmakdygyny Aýtdy

R.T.Erdogan Stambulda Prezidentiň Dolmabahçedäki ofisinde ykdysatçylar we alymlar bilen duşuşyk geçirdi.

1752337
Erdogan Maksatlarynyň Türkiýäni Dünýäniň Ösen 10 Ykdysadyýetiniň Hataryna Goşmakdygyny Aýtdy

Türkiýäniň ilkinji gezek öz ýolbaşçylyk eden döwründe 20 ýyllyk üznüksiz galkynyş tapgyryny başdan geçirendigini nygtan Erdogan, şonuň netijesinde esasy uly ykdysady göçümi etmek üçin gerek bolan infrastrukturanyň tamamlanyp barýandygyny aýtdy.

Hâkimiýet başyna gelenlerinde 2002-nji ýylda Halkara pul gaznasyna bolan karzyň 23,5 milliard dollardygyny nygtan Erdogan, şol karzyň 2013-nji ýylyň maýynda töläp gutarandyklaryny aýtdy.

“Häzirki wagtda HPG-na karzymyz ýok, haýsydyr bir aragatnaşygymyzam ýok” diýdi.

Ykdysadyýetdäki ösüş bilen birlikde Merkezi bankdaky walýuta ätiýajynyň 115 milliard dollardan geçendigini aýdan Erdogan; “Şeýle dowam eden halatynda ätiýaçlarymyz hasam artar. Maksadymyz ýurdumyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen 10 ýurduň hataryna goşmak” diýdi.

Prezident Erdogan; “Maliýe tarapyndaky deňagramlygy gysga möhletde kadalaşdyrsak, geljek ýaz aýlarynda ýurdumyzyň başgaça ykdysady yklyma girendigine şaýatlyk ederis” diýdi.



Degişli Habarlar