Ysraýyl Bilen Gaýtadan Dikelýän Dialogumyz Möhüm

Erdogan türk ýehudi jemagatynyň we musulman ýurtlaryndaky Hahamlar akakalaşygynyň agzalaryny kabul etdi

1751417
Ysraýyl Bilen Gaýtadan Dikelýän Dialogumyz Möhüm

Erdogan duşuşykda Palestina meselesiniň diňe bir palestinalylaryň däl, eýsem Ysraýylyň howpsuzlygyna we durnuklylygyna goşant goşant boşjakdygyny beýan etdi.

Erdogan; “Düýn paýtagt Ankarada Przidentiň kompleksinde bolan duşuşykda sözlän sözünde; “Esasanda günbatar ýurtlarynda ýaýbaňlanýan yslam duşmançylygy, antisemitizm we daşary ýurtlulara bolan garşydaşlyk bilen göreşde arkalaşykly bolalyň. Şeýle hem Ýakyn Gündogarda parahatçylyk we durnuklylyk şertlerini güýçlendirmek üçin bilelikde tagalla edilmeli.

Üç diniň mukaddes ýerleriniň ýerleşýän gadymy sebitde dartgynlyk, çaknyşyk we kynçylyk görmek islemeýäris.

Türkiýäniň iň uly arzuwy tapawutly dini ynançlara uýýan, etniki gelip çykyşa eýe bolan halklaryň parahatçylykly şertlerde ýaşamagydyr.

Bizin Ysraýylyň hökümetine berýän duýduryşlarymyz meselelere Ýakyn Gündogaryň uzak möhletli parahatçylygy we durnuklylygy taýdan çemeleşmegini üpjün etmek üçindir.

İýerusalimiň başda durmagynda Palestina meselesinde ediljek başlangyçlar diňe bir palestinalylaryň däl, eýsem Ysraýylyň hem howpsuzlygyna we durnuklylygyna goşant goşar.

Ysraýylyň Prezidenti Herzog we Premýer-ministr hormatly Bannett bilen gaýtadan dikelýän dialogumyzyň şol jähtden möhümdigine ynanýaryn” diýdi.

 



Degişli Habarlar