TURKOVAK Gyssagly Ulanyş Rugsadyny Aldy

Prezident R.T.Erdogan ýerli koronawirus sanjymy “Turkovakyň” adatdan daşary şertlerde gyssagly ulanyş rugsadyny alandygyny beýan etdi.

1751350
TURKOVAK Gyssagly Ulanyş Rugsadyny Aldy

Erdogan “Turkovak” sanjymynyň ulanyş rugsadyny almagy we köpçülikleýin önümçilige başlamagy mynasybetli guralan dabara wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

R.T.Erdogan dabarada sözlän sözünde: “Degişli rugsatlary alyp, önümçilik we ulanyş tapgyryna ýeten “Turkowak” sanjymymyz milletimizi pandemiýadan iň bir netijeli görnüşde goramak ugrundaky tagallamyzyň görkezijisidir. “Turkovakyň” öndürilmegi bilen birlikde sanjymyzy bütin adamzadyň ulanmagyna hödürlemekden hoşal bolarys” diýdi.

Prezident Erdogan: “Sanjymyň ýurdumyzda öndürilmegi iňňän möhüm. Öz alymlarymyzyň we bilermenlerimiziň öndürmegi iňňän gymmatly. Ýerli sanjymyzyň köpçülikleýin önümçilige geçmegi bizi buýsandyrýar. Şeýlelikde raýatlarymyza “Sinovac” we “BioNTech” sanjymlaryndan soň “Turkovaky” hem hödürläris. “Turkowak” sanjymymyzyň ýurdumyza, milletimize we bütin adamzada düşümli bolmagyny arzuw edýärin” diýdi.

Dabarada söz sözlän Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja bolsa “Turkovakyň” geljek hepde giňden ulanylmaga geçiljekdigini nygtap: “Şu gün Kowid-19 sanjymyny öndüren 9 ýurtdan biri bolduk” diýdi.



Degişli Habarlar