Şentop Serbiýa Bardy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop parlament wekiliýeti bilen Serbiýa bardy.

1750869
Şentop Serbiýa Bardy
şentop2.jpg

Mustafa Şentopy Belgradyň Nikola Tesla adyndaky howa menzilinde Türkiýäniň Serbiýadaky İlçisi Hami Aksoý we resmi adamlar garşyladylar.

TBMM-niň Başlygy Şentop Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujiç we Premýer-ministr Ana Brnabiç bilen duşuşar.

Serbiýanyň Milli Mejlisinde kärdeşi İwija Daçiç bilen duşuşjak Mustafa Şentop, bilelikde metbugat ýygnagyny geçirer.

Mustafa Şentop düýn Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopiýada Türkçe bilim baýramy mynasybetli berilen bankede gatnaşypdy.

Şentop ol ýerde sözlän sözünde Demirgazyk Makedoniýada ýaşaýan türkleriň resmi baýramy bolan 21-nji dekabr Türkçe bilim güni mynasybetli guralýan çära gatnaşmagyna kanagatlanma bildirip; “Demirgazyk Makedoniýada türk diliniň goralyp saklanmanyň bu sebitdäki doganlygyň güýçlenmegi, ýurduň medeni baýlygy we syýasy güýjüniň beýgelmegi taýdan iňňän möhüm özboluşlyga eýedigine ynanýarys” diýdipdi.



Degişli Habarlar