Prezident Erdogan: "Aýan eden programmamyz maksadyna ýetdi" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, daşary ýurt walýuta kursunyň erkin bazar ykdysadyýetiniň düzgünleriniň çäginde ýurdyň hakykatlaryna laýyk derejä ýetirmek üçin düýn aýan eden programmalarynyň maksadyna ýetendigini habar berdi

1751178
Prezident Erdogan: "Aýan eden programmamyz maksadyna ýetdi" diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi. 

Türkiýäniň 10 ýyllyk döwürde akla getirip boljak ähli ýollar we usullar bilen synagdan geçirilendigini, ykdysadyýete garşy howplaryň emele gelendigini, hileli duzaklaryň goýulandygyny aýdan Erdogan: "Gijäň ýarsy başlan we arakesmesiz dowam eden maliýe oýunlar bilen ýurdumyz çökerdilmäge synanyşyldy. Ähli bu tapgyrda öňümize çykan islendik päsgelçiligiň hötdesinden gelip, göreşimizi dowam etdirdik. Içine alynmak islenen sosial, syýasy, psihologiki, ykdysady ähli duzaklary Allanyň ýardamy we milletiň goldawy bilen bozup, ýolumyzy tutanýerlilik bilen dowam etdirdik. Biz bu ýurdy maksatlaryndan goparmadyk, beýik we güýçli Türkiýäniň gurluşy ýolundan hiç wagt dänmedik" diýip nygtady. 

Halky prosent girdejisiniň, inflasiýanyň öňünde mynjyratdyrmajakdyklaryny we onuň üçin göreş alyp barýandyklaryny aýdan Erdogan: "Täze bir galkynyşyň içindediris. Nesip bolsa islän netijelerimize ýeteris" diýip habar berdi. 

Walýuta goragly türk lirasynyň möhlet esasly goýumy atly programmany durmuşa geçirýändiklerini ýatladan Erdogan: "Daşary ýurt walýuta kursunyň erkin bazar ykdysadyýetiniň düzgünleriniň çäginde ýurdyň hakykatlaryna laýyk derejä ýetirmek üçin düýn aýan eden programmamyz maksadyna ýetdi. Erbet niýetli spekulýantlaryň ýurdumyzyň üstünden ellerini çekmeklerini üpjün etjek erkin bazaryň öz düzgünleri bilen işlemegini üpjün etmek üçin tagalla edýäris. Bu ýerde gazanjak diňe bankda puly bolan we eksport edenler dälde, eýsem ýurdumyzdyr, 84 million raýatymyzyň ählisidir. Kurs we inflýasiýa basyşy astynda hiç bir raýatymyzyň ýitgi çekmegine rugsat bermezlikde tutanýerlidiris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar