TBMM-niň Başlygy Şentop, Demirgazyk Makedoniýada Saparda Bolýar

Şentop, parlamentde halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş etdi.

1750624
TBMM-niň Başlygy Şentop, Demirgazyk Makedoniýada Saparda Bolýar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Demirgazyk Makedoniýany, Serbiýany we Garadagy öz içine alýan saparyna başlady.

Şentop, Balkanlardaky ilkinji duralgasy bolan Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýada taryhy ýerlere baryp gördi.

Demirgazyk Makedoniýanyň Mejlisiniň başlygy Talat Jaferi bilen duşuşan Şentop, parlamentde halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş etdi.

Türkiýäniň täze görnüş koronawirusa garşy taýarlan Turkowak sanjymynda soňky etaba gelinendigini nygtan Şentop, “Önümçilik tapgyrynda sanjymyzy demirgazyk makedoniýaly doganlarymyz, dostlarymyz bilen paýlaşmakdan hoşal bolarys” diýdi.

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň Balkanlarda öz işini dowam etdirýändigini we guramanyň ortadan aýrylmagy üçin uly tagalla edilmelidigini nygtan Şentop, “FETÖ diňe Türkiýe üçin däl eýsem iş alyp barýan ýurtlary taýdan hem howply. Dost ýurtlaryň milli howpsyzlyklaryna abanýan howpa üns bermeklerini isleýäris” diýip belledi.

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, saparynyň çäginde Demirgazyk Makedoniýanyň Prezidenti Stewo Pendarowski tarapyndan kabul ediler.



Degişli Habarlar