Daşary Işler Ministri Çawuşogly, Wengriýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
“Gatnaşyklarymyzy strategik ýaranlyk derejesinde ösdürmäge dowam edýäris”
1750679
Polşadan, Çeh Respublikasyndan, Wengriýadan we Slowakiýadan ybarat Wişegrad toparyna agza ýurtlaryň W4+Türkiýäniň daşary işler minisrleriniň gatnaşmagynda geçirlen maslahata gatnaşmak üçin Budapeşte giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly iş saparynyň çäginde Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Szižarto bilen duşuşdy.
Ministr Çawuşogly, Twitterden beren habarnamasynda, “Wengriýanyň Daşary işler ministri dostum Peter Szižarto bilen duşuşdyk. Gatnaşyklarymyzy strategik ýaranlyk derejesinde ösdürmäge dowam edýäris” diýdi.