Altun: "Prezidentimiz hemişe bu ajaýyp milletiň hukugyny gorady" diýdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň hemişe bu ajaýyp milletiň hukugyny gorandygyny beýan etdi

1750460
Altun: "Prezidentimiz hemişe bu ajaýyp milletiň hukugyny gorady" diýdi

Prezident Erdoganyň, düýn geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanaty bilen birlikde daşary walýutanyň hümmedi çalt depginler bilen peseldi. 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, sosial medianyň üsti bilen "Aýdany ýene-de dogry çykdy" heştegi bilen mesele bilen bagly beýanat berdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň hemişe bu ajaýyp milletiň hukugyny gorandygyny aýdan Fahrettin Altun: "Onuň güýçli we tutanýerli göreşiniň merkezinde milletimiziň abadan durmuşyny ýola goýmak, ýurdumyzy garaşlylyk duzagyndan halas etmek bardyr" diýip belledi. 

Fahrettin Altun Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň hiç wagt ýolundan yza dänmändigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar