Türkiýe Filippinler döwletine gynanç bildirdi

Türkiýe Filippinlerde başdan geçirilen taýfunda ýogalan adamlar zerarly gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1749686
Türkiýe Filippinler döwletine gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden Filippinlerde başdan geçirilen taýfun sebäpli berilen beýanatda: "Filippinleriň orta we günorta sebitlerine täsir ýetiren Odette taýfunynyň köp sanda adamyň ýogalmagyna we ýüz müňlerçe adamyň öýlerini terk etmegine sebäp döretmegine çuňňur gynanç bildirýäris. Ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna we dostlukly Filippinleriň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan bolsa Rai diýip atlandyrylan taýfunyň emele getiren tebigy apaty sebäpli Filippinlerde azyndan 121 adamyň ýogalandygy, dereksiz ýiten azyndan 50 adamyň bolsa gözleg işleriniň dowam edýändigi aýan edildi. 

Ýurtda tebigy apatyň 780 müň adama täsir ýetirendigi, 300 obanyň dolulygyna howpsuz ýerlere göçürilendigi beýan edildi. 



Degişli Habarlar