Prezident Erdogan Ylym ýaýratmak boýunça sylaglamak dabarasyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň global krizislere garşy uly ynam gazanmagynyň arkasynda ozaldan eýe bolan güýçli infrastrukturanyň bardygyny beýan etdi

1749843
Prezident Erdogan Ylym ýaýratmak boýunça sylaglamak dabarasyna gatnaşdy

Prezident Erdogan düýn Ylym ýaýratmak Gaznasy tarapyndan Dolmabahçe köşgünde geçirilen 2021 Ylym ýaýratmak boýunça sylaglamak dabarasynda çykyş etdi. 

Çykyşynda ykdysadyýetiň üstünde durup geçen Prezident Erdogan, häkimiýetiň başyna geçenlerinden bäri soňky 19 ýylda, bilimden saglygy goraýyşa, howpsuzlykdan adalada, transportdan energetika, şäher gurluşygyndan sporda çenli ähli ugurlar boýunça ýola goýulan güýçli infrastruktura bilen milledi hak eden ýaşaýyş durmuşa standartlaryna ýetirendiklerini habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Eger Türkiýe global krizislere garşy bu derejede durnukly bolýan bolsa, krizisleri mümkinçiliklere öwürmek babatynda bular ýaly ynama eýe bolýan bolsa, onda onuň arkasynda ine şol güýçli infrastruktura bardyr. Indi bolsa şol göreşi ykdysadyýet derejesinde alyp barýarys" diýip mälim etdi. 

"Ösüş görkezijilerimiz, önümçiligimiz, iş üpjünçiligimiz, eksportymyz, býujet deňagramlylygymyz, bularyň ählisi ýurdumyz taýdan global derejede üstünligiň görkezijisidir" diýip aýdan Erdogan, hökümediň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň, dolulugyna kesgitlenen görnüşde dowam edýändigini belläp, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şu günki güne çenli bolşy ýaly, mundan soň hem erkin bazar ykdysadyýeti görnüşinde ýoluny dowam etdirjekdigini habar berdi.  



Degişli Habarlar