Prezident Erdogan Malaýziýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Malaýziýanyň Daşary işler ministri Seýfeddin Abdullahy kabul etdi

1750121
Prezident Erdogan Malaýziýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan paýtagt Ankara şäherine sapar guran Malaýziýanyň Daşary işler ministri Seýfeddin Abdullahy Prezident köşgünde kabul etdi. 

Ikiçäk duşuşyk metbugata ýapyk häsýetde geçdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem Malaýziýanyň Daşary işler ministri Seýfeddin Abdullah bilen duşuşyk geçiripdi we bilelikde metbugat ýygnagyny geçiripdiler. 



Degişli Habarlar