Mustafa Şentop, Demirgazyk Makedoniýa Bardy

Mustafa Şentop, Demirgazyk Makedoniýanyň Prezidenti Stewo Pendarowski tarapyndan kabul ediler.

1750175
Mustafa Şentop, Demirgazyk Makedoniýa Bardy

 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Demirgazyk Makedoniýany, Serbiýany we Garadagy öz içine alýan iş saparynyň birinji duralgasy bolan Demirgazyk Makedoniýa bardy.

Ertir Demirgazyk Makedoniýanyň Mejlisinde resmi dabara bilen garşylanjak Şentop, Demirgazyk Makedoniýanyň Mejlisiniň başlygy Talat Jaferi bilen duşuşar we Demirgazyk Makedoniýanyň Mejlisinde halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş eder.

Mustafa Şentop, Demirgazyk Makedoniýanyň Prezidenti Stewo Pendarowski tarapyndan kabul ediler.

Şentop saparynyň çäginde Halkara Balkan uniwersitetine hem barar.



Degişli Habarlar