Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Ukraina bilen bagly beýanat berdi

Sedat Önal Ukrainanyň töwereginde potansial bir dartgynlygyň artmagy bilen bagly alamatlaryň alada sebäp bolýandygyny nygtady

1744455
Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Ukraina bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal Ukrainanyň töwereginde potansial bir dartgynlygyň artmagy bilen bagly alamatlaryň alada sebäp bolýandygyny belläp: "Dartgynlygyň diplomatiýanyň üsti bilen azaldylmagyna zerurlyk bar" diýip habar berdi. 

Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal Sofiýa Howpsuzlyk forumynyň: "Transatlantik gatnaşyklaryň gelejegi: Täze howpsuzlyk synaglarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy üçin täze bir sahypanyň açylmagy" atly panelde maslahata gatnaşyjylara wideo ýüzlenme ugratdy. 

Gara deňiz sebitiniň ýene-de bir gezek güntertibe gelendigine ünsleri çeken Sedat Önal: "Kenarýaka we sebitiň ýurtlary hökmünde dünýäniň taryhy taýdan strategik taýdan ähmiýetli bolan bu sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň goralmagy ugrunda iň möhüm rola eýediris. 30 ýyl ozal Gara deňiz Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň döredilmegi bilen orta goýan pozisiýamyzy howpsuzlyk düşünjesi, ykdysady hyzmatdaşlyk, ikitaraplaýyn garaşlylyk we galkynyş bilen goldanmalydyr" diýip mälim etdi. 

Önal sebitleýin häsýetde eýe çykmagyň, halkara goňuşylyk düzgünlerini we ýörelgelerini berjaý etmegiň, döwletleriň territorial bütewiligine we syýasy birligine hormat goýmagyň, ähli kenarýaka we sebitiň ýurtlarynyň umumy takdyrlaryna güýçli ýagdaýda ynanmagyň ähmiýetini hem belläp geçdi. 

Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal: "Häzirki ýagdaýda Ukrainanyň töwereginde potansial bir dartgynlygyň artmagy bilen bagly alamatlar alada sebäp bolýar. Bu mesele Rigada geçirilen NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda hem möhüm ugurlaryň birini emele getirdi. Dartgynlygyň diplomatiýanyň üsti bilen azaldylmagyna we sagdynpikirlilige zerurlyk bar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar