“Gaziantep Dünýäde Görelde Alarlyk Galkynyş Modeligine Öwrüldi”

Erdogan, Türkiýäniň alyp barýan eksport syýasatyny görmek isleýänleriň Gaziantebi görmelidigini aýtdy.

1742817
“Gaziantep Dünýäde Görelde Alarlyk Galkynyş Modeligine Öwrüldi”

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň alyp barýan eksport syýasatyny görmek isleýänleriň Gaziantebi görmelidigini aýtdy.

Prezident Erdogan Gaziantep welaýatynyň ýerleşýän sebitinde we dünýäde görelde alarlyk galkynyş modeligine öwrülendigini belledi.

Erdogan, galkynyşyň esasy şertlerinden biriniň hem kämil, sowatly we ukyply iş güýjüdigini nygtady.

Prezident Erdogan “Biziň ýeke-täk derdimiz bar; eksport, eksport we eksport. Biz eksportuň hötdesinden geleris. Maýa goýuma, iş mümkinçiligine, önümçilige we eksporta esaslanýan syýasatymyzy görmek isleýänler Gaziantebi görmeli” diýdi.



Degişli Habarlar