Türkiýe Ýewropa Geňeşine reaksiýa bildirdi

Türkiýe Ýewropa Geňeşiniň garaşsyz we bitarap kazyýetler tarapyndan alynyp barylýan kazyýet tapgyryna hormat goýmagynyň we ynam bildirmeginiň gerekdigini beýan etdi

1742384
Türkiýe Ýewropa Geňeşine reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Ýewropa Geňeşiniň Ministrler komitediniň kazyýet tapgyry dowam edýän işewür adam Osman Kawala bilen bagly kararyň dumurşa geçirilip-geçirilmediginiň anyklanmagy meselesini, Ýewropanyň Adam hukuklary Kazyýetine ugrukdyrmak niýetini düzüminde jemleýän bildiriş berendigi ýatladyldy. 

Beýanatda: "Ýurdumyzda dowam edýän kazyýet tapgyryna hormat goýmak ýörelgesine laýyklykda, Ýewropa Geňeşine garaşsyz kazyýetiň işlerine goşulmak häsýetine eýe boljak bu kararyň dowamyny getirmekden saklanmaga çagyryş berýäris. Ýewropa Geňeşiniň Ministrler komitedi başda bolmak bilen taraplar garaşsyz we bitarap kazyýetler tarapyndan alynyp barylýan kazyýet tapgyryna hormat goýmalydyr we ynam bildirmelidir" diýip habar berildi. 

Geňeşiň esaslandyryjy agzalarynyň biri bolan Türkiýäniň Ýewropanyň Adam hukuklary ylalaşygyndan gözbaş alýan jogapkärçiliklerden habardardygy bellenen beýanatda, Türkiýe tarapyndan diňe şu ýylyň dowamynda Ýewropanyň Adam hukuklary Kazyýetiniň kararlarynyň 128-sini, şu günki güne çenli bolsa 3 müň 674-sini amala aşyrandygy ýatladyldy.  

Ýewropanyň Adam hukuklary Kazyýetiniň kararlarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýän Ministrler komitediniň güntertibinde entegem köp sanda kararyň bardygyna ünsler çekilen beýanatda: "Osman Kawala kararyndan hem köne bolan we başga ýurtlara we meselelere garşy durmuşa geçirilmeýän kararlar bar bolan mahaly, esasan hem Kawala kararynyň dowamly häsýetde güntertibde saklanmagyny yzygiderli bolmaýan bir çemeleşme hökmünde garaýarys. Ýewropanyň Adam hukuklary ylalaşygy ulgamyndaky bar bolan mehanizmleriň hukuk we adalat düşenjesine görä dälde, syýasy düşünjäniň üsti bilen belli bir ýurtlara garşy alynyp barylmagy, ähli zatdan ozal Ýewropa Geňeşiniň öz abraýyna zeper ýetirýär. Ýewropa Geňeşiniň Ministrler komitedi, adam hukuklary ulgamyndaky täsirliligini dowam etdirmek isleýän bolsa bitarap we saýlama garaýyşyny  goýup, Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetiniň kararlarynyň durmuşa geçirilmegini ähli agza ýurtlar taýdan bitarap bir çemeleşme bilen ele almalydyr" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar