Hulusi Akar ýurdyň goranyş senagaty bilen bagly beýanat berdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, goranyş senagatyndaky özgerlişiklere ýakyndan gözegçilik edýändiklerini belläp, Türkiýäniň ýolundaky tehnologik päsgeçlikleriň hötdesinden geljekdiklerini habar berdi

1742670
Hulusi Akar ýurdyň goranyş senagaty bilen bagly beýanat berdi

Ministr Hulusi Akar, ministriň orunbasary Muhsin Dere, Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güler we serkerdeler bilen bilelikde Kyrykkale welaýatyndaky Maşyn himiýa senagatynyň Ok-däri fabrigine baryp gördi. 

Maşyn himiýa senagaty anonim kärhanasynyň işleri barada maglumat alan Akar we ýanyndaky serkerdeler, ondan soň bolsa fabrigiň işgärleri bilen duşuşyk geçirdiler. 

Türkiýäniň täsiriniň we gyzyklanmasynyň giňelýändigini, şol ýagdaýyň bolsa Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň jogapkärçiligini artdyrýandygyny aýdan Akar: "Hormatly Prezidentimiziň liderliginde Türkiýe halkara arenada indi esas ýagdaýyna öwrüldi" diýip mälim etdi. 

Ýerli we milli goranyş senagatynyň isleg däl, mejbury ýagdaýyna gelendigini aýdan ministr Akar: "Ozallar tüpeňimiziň patendi hem daşary ýurtlydy. Emma indi ýeňil ýaraglarymyzy ýasap, eksport edip biljek ýagdaýa geldik, gämilerimizi, gaubisalarymyzy, dikuçarlarymyzy, uçarmansyz howa ulaglarymyzy, ýaragly uçarmansyz howa ulaglarymyzy öndürýäris" diýip habar berdi. 

Hulusi Akar: "Goranyş senagatyndaky özgerilişiklere uly tolgunma, buýsanç bilen tomaşa edýäris. Goranyş senagatynda Maşyn himiýa senagatynyň roly örän möhüm we uly. Diňe ýurdumyz üçin däl, eýsem halkara arenada Maşyn himiýa senagatynyň adyny has abraýly, saýlama ýerlere ýetirendigini görmekden buýsanç duýarys" diýip aýan etdi. 

Goranyş senagatynda ozal başdan geçirilen kynçylyklary ýatladan Akar, bu pudakda millilik we ýerlilik derejesiniň 80 göterime ýetendigini belläp: "Ýeterlikmi? Ýok ýeterlik däl. Mundan soňky işler has netijeli geçer. Bir ýürek, bir ýumruk bolup has köp işläp, öňümizdäki tehnologik päsgelçilikleriň hötdesinden geleris" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar