“Has Köp Işläris, Has Köp Öndüreris we Depginli öseris”

Prezident Erdogan “Ýyllyk eksportymyz hem 221 milliad dollara barabar boldy, Has köp işläris, has köp öndüreris we depginli öseris” diýdi.

1742330
“Has Köp Işläris, Has Köp Öndüreris we Depginli öseris”

Prezident R. T. Erdogan, eksportyň ýyllyk 221 milliad dollara barabar bolandygyny nygtap, “Has köp işläris, has köp öndüreris we depginli öseris” diýdi.

Prezident Erdogan sosial mediadan habarnamasynda, daşarky söwda görkezijilerine görä, noýabr aýynda eksportyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33,44 göterim artyp 21,5 milliard dollara barabar bolandygyny nygtady.

Prezident Erdogan “Ýyllyk eksportymyz hem 221 milliad dollara barabar boldy, Has köp işläris, has köp öndüreris we depginli öseris” diýdi.

Daşarky söwda görkezijilerine görä noýabr aýynda eksport 33,44 göterim artdy. Geçen ýyl 16 milliard 89 million dollara barabar bolan noýabr aýynyň eksporty şu ýyl 21 milliard 468 million dollara çenli baryp ýetdi.

Ýylyň 11 aýlyk eksporty hem 151 milliard 801 million dollardan 203 milliard 141 million dollara ýetdi.



Degişli Habarlar