Eren Gyş-10 Operasiýalary Başlady

Operasiýar ynamly, egilşiksiz we üstünlikli dowam edýär.

1742359
Eren Gyş-10 Operasiýalary Başlady

Agry, Erzurum we Kars Welaýatlarynda “Eren Gyş-10 Çemçe-Madur Şehit Žandarm kapitan Serhat Çiftçi” operasiýasy başladyldy.

Içeri işler ministrliginden berilen beýannamada ekstremist terror guramasy PKK-ny ýurduň gün tertibinden çykarmak we sebitde ornaşandygy kesgitlenen terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Agryz, Erzurum we Kars welaýatyndaky operasiýada Erzurum Žandarm sebit serkerdeliginiň gönükdirmeginde Žandarm komandoslaryndan, Ýörite žandarm güýçlerinden we Howpsuzlygy goraýjy toparlardan ybarat 790 person bilen 70 bölümiň gatnaşýandygy habar berildi.

Beýannamada; “Ýurduň içinde terroryň doly ortadan aýrylmagy üçin geçirilýän “Eren Gyş” operasiýalary halkymyzyň goldaw bermeginde ynamly, egilşiksiz we üstünlikli dowam edýär” diýilýär.



Degişli Habarlar