Erdogan Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Putin Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdy.

1742802
Erdogan Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar darasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Putin telefon söhbetdeşliginde, Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdy.

Iki lider Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda başdan geçirlen soňky wakalar bilen birlikde Siriýa, Liwiýa we Ukraina ýaly halkara meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdy.



Degişli Habarlar