Ardahan welaýatynda "Eren Gyş-9" atly operasiýa başladyldy

Ardahan welaýatynda 405 harbynyň gatnaşmagynda "Eren Gyş-9" atly operasiýa başladyldy

1742211
Ardahan welaýatynda "Eren Gyş-9" atly operasiýa başladyldy

Ardahan welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanata görä, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ekstremist terror guramasy PKK/KJK-ny ýurdyň güntertibinden çykarmak, terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek we sebitdäki ýaýlaglara gözegçilik etmek maksady bilen şäherde "Eren Gyş-9" atly operasiýa başladyldy. 

Welaýat Žandarma serkerdeliginiň jogapkärçiligi astynda bolan welaýat merkeziniň we Göle etrabynyň serhetleriniň çäginde başladylan operasiýa 30 operatiw topar we 405 harby gatnaşýar. 


Etiketkalar: #Eren , #operasiýa , #Ardahan

Degişli Habarlar