Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumio bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1741619
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary özgertjek ädimler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ýaponiýanyň Premýer ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli Kisida Fumiony gutlady, Türkiýe bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyny täze tapgyrda hem dowam etdirjekdiklerine ynanýandygyny beýan etdi. 

Prezident Erdogan, iki ýurdyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyny ykdysadyýet, bilim, apat dolanşygy, energetika, howpsuzlyk we goranyş senagaty bilen birlikde köptaraplaýyn ösdürmegi tama edýändiklerini aýan etdi. 



Degişli Habarlar