Prezident Erdogan güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Türkiýä uzak möhletleýin maýa goýanlar hemişe girdejili çykdylar, mundan soň hem girdejili çykarlar" diýip nygtady

1741140
Prezident Erdogan güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Prezident Erdogan güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasyna (TRT) beýanat berdi. 

Prezident Erdogan ýylyň ahyryndaky ösüş görkezijileri bilen bagly: "10 göterime ýeteris. Biziň çaklamamyz10 göterim, emma 10 göterimden ýokary hem bolup biler" diýip habar berdi. 

"Prosent stawka sebäp, inflýasiýa netijedir" diýip aýdan Prezident Erdogan, prosent stawkany peseldendiklerini, inflýasiýanyň hem peseljekdigini mälim etdi. 

Erdogan: "Daşary ýurtly maýadarlar üçin uzak möhletleýin maýa goýumlaryň wagtydyr. Türkiýä uzak möhletleýin maýa goýanlar hemişe girdejili çykdylar, mundan soň hem girdejili çykarlar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar