Agry we Ygdyr welaýatlarynda Eren Gyş-9 operasiýasy başladyldy

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Agry we Ygdyr welaýatlarynda "Eren Gyş-9 Şehit Žandarma seržant Hüseýin Keleş" atly operasiýa başladyldy

1741173
Agry we Ygdyr welaýatlarynda Eren Gyş-9 operasiýasy başladyldy

Ýurdyň içinde terrory dolulygyna ortadan aýyrmak üçin geçirilýän Eren Gyş operasiýalary erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etdirilýär. 

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, terror guramasy PKK-ny ýurdyň güntertibinden çykarmak we sebitde bardygy anyklanan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen başladylan Eren Gyş-9 operasiýasyna, Žandarmanyň Komandos toparlary, Žandarmanyň Ýöriteleşdirilen toparlary, Polisiýanyň Ýöriteleşdirilen toparlary we Howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat jemi 910 harby gatnaşýar. 



Degişli Habarlar