Erdogan Aýanjyk Terminal Köprüsiniň 80 Günde Gurlandygyny Beýan Etdi

Prezident R.T.Erdogan uzynlygy 110 metre barabar bolan Sinop Aýanjyk Terminal köprüsiniň 80 günlük rekord möhletde gurlup, açylyşa taýar edilendigini aýtdy.

1740219
Erdogan Aýanjyk Terminal Köprüsiniň 80 Günde Gurlandygyny Beýan Etdi

Prezident ERdygan Sinop Aýanjyk Terminal köprüsiniň açylyş dabarasyna wideo ýüzlenme ugratdy.

Şu ýyl dünýäniň ençeme ýerinde bolşy ýaly Türkiýede hem ýumrulmalara, adam we emläk pidalaryna sebäpli bolan tebigy apatlaryň başdan geçirilendigini ýatladan Erdogan; “Bir tarapdan koronawirus pandemiýasyna garşy göreşimiz dowam edýän bolsa, beýleki tarapdan-da sil, ýer titremesi we ýangyn apatlaryna garşy göreşdik. Biziň bilen birmeňzeş apatlara duçar bolan Ýewropadan we Amerikadan has gysga möhletde raýatlarymyzyň kömegine ýetişdik. Ähli şertlerimiz we guramalarymyz bilen apatyň ilkinji pursadyndan başlap ejir çeken raýatlarymyza goldaw berdik. Ýitgileriň öweziniň dolunmagy we tebigy apatyň bolan ýerleriniň gaýtadan dikeldilmegi üçin degişli çäreleriň ählisini gördük” diýdi.

11-nji awgustda gelen sil apatynda ýykylanynyň ýerine has owadanyny, has çydamlysyny gurjakdyklaryna söz berendiklerini ýatladan Erdogan; “İne şu gün Sinopda bu sözümizde tapylmagyň buýsanjyny başdan geçirýäris” diýdi.

Uzynlygy 110 metre barabar bolan Terminal köprüsini 80 günlük rekord möhletde gurup, açylyşa taýar edendiklerini aýdan Erdogan, beýleki taslamalaryň hem üzüksiz dowam edýändigini beýan etdi.

 



Degişli Habarlar