Prezident Erdogan Terrora Garşy Göreşde Hyzmatdaşlyga Ünsi Çekdi

Prezident Erdogan terrora garşy göreşde hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

1739748
Prezident Erdogan Terrora Garşy Göreşde Hyzmatdaşlyga Ünsi Çekdi
erdogan eit1.jpg
erdogan eit.jpg

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana giden Prezident R. T. Erdogan sammitiň açylyş çykyşynda terrora garşy göreşde hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Prezident Erdogan terrora garşy göreşde sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi.

“Sebitimiz PKK, ÝPG, FETÖ we DAEŞ ýaly terror guramalaryndan saplanandan soň asudalyk üpjün ediler we ykdysady galkynyşyň depgini güýçlener” diýen Prezident Erdogan, Kipr meselesinde dünýä ýurtlaryna çagyryş berdi.

“Kipr meselesi, Kipr türk halkynyň özygtyýarlygyna we deň hukukly statusa laýyklykda çözülmeli” diýen Erdogan, dost we doganlyk ýurtlaryň DKTR-na goldaw bermelidigini belledi.

Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçen Prezident Erdogan, sebite ýaramaz täsirini ýetirjek immigrant krisiziniň öňüniň alynmagy üçin birlikde hereket edilmelidigini nygtady.



Degişli Habarlar