Türkiýe, Russiýa Gynanç Bildirdi

"Heläkçilikde ýogalanlaryň hossarlaryna we rus hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris”

1739307
Türkiýe, Russiýa Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Russiýanyň Kuzbass welaýatynda magdan käninde bolan partlamada ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Russiýa Federassiýasynyň Kuzbass welaýatynda magdan käninde bolan partlamada azyndan 52 adamyň ýogalmagyna, birnäçe adamyň ýaralanmagyna uly gynanç bildirýäris. Rus halkyna duýgudaşlyk bildirýäris. Heläkçilikde ýogalanlaryň hossarlaryna we rus hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.



Degişli Habarlar