Türkiýe, 10 Million Doza Sanjym Kömegini Berer

Koja, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropadan jogapkär ýolbaşçysy Hans Kluge bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1738459
Türkiýe, 10 Million Doza Sanjym Kömegini Berer

Saglygy goraýyş minitri Fahrettin Koja, Türkiýäniň Cowaksyň çäginde 10 million doza sanjym kömegini berjekdigini aýtdy.

Saglygy goraýyş ministri Koja, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropadan jogapkär ýolbaşçysy Hans Kluge bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kluge telefon söhbetdeşliginden soň Twitterden beren habarnamasynda “Pandemiýany diňe arkalaşykly ýagdaýda hereket eden halatymyzdan ýeňip bileris. Agyr gyş aýlarynyň gelmegi bilen birlikde saglygy goraýyş pudagy uly kynçylygy başdan geçirmäge başlady. Ýewropa ýurtlarynyň Kovid-19 kessellileriniň ýurdunda bejerilmegini teklip eden Dr Fahrettin Koja we Türkiýä sagbolsun aýdýaryn. Türkiýe pandemiýanyň başyndan bäri 160 ýurda we 29 halkara gurama lukmançylyk ejamlary kömegini, 11 ýurda hem 2 million doza sanjym kömegini berdi. Beren lukmançylyk enjamlary kömegi üçin Dr. Koja we Türkiýa minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Klugeniň habarnamasyna Twitter arkaly jogap beren Saglygy goraýyş ministri Koja “Pandemiýanyň başyndan bäri Türkiýäniň Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkara arkalaşyga uly goşant goşýandygyna ünsi çekendigiňiz üçin sagbolsun aýdýaryn. Cowaksyň çäginde 10 million doza sanjym kömegini bermek isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar